Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi 2020-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

23:5921.06.2019
0
6093

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde medeniýeti, aýdym-saz, teatr, kino hem şekillendiriş sungatyny, telewideniýäni, radiony, metbugaty, neşirýat ulgamyny, kitaphanalary, muzeýleri we medeni dynç alyş edaralaryny ösdürmek, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ruhlandyrmak şeýle-de medeniýet we sungat işgärleriniň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini Türkmen halkynyň milli toýlaryna mahsus görnüşde şatlyk-şowhunly, ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda 2020-nji ýylyň 22-nji, 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi we bu hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet Neşirýat gulluguna we Daşoguz welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegine we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň