Soňky habarlar

Arhiw

Amir Gurbanynyň topary AFK-nyň kubogynda öz toparçasynda iň soňky orny eýeledi

17:5915.05.2019
0
3134

Düzüminde türkmenistanly ýarym goragçy Amir Gurbany hem çykyş edýän Kamboja Patyşalygynyň "Nagawolrd" futbol topary şu gün AFK-nyň kubogy - 2019-daky soňky duşuşygyny geçirdi. Mýanmanyň "Ýangon Ýunaýted" topary bilen geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň - "Ýangon Ýunaýtediň" peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, 6 duşuşykda diňe bir utuş bilen 3 utuk toplan Amir Gurabynyň topary ýaryşy dowam etdirip bilmedi.

"Nagaworld" yklym ýaryşynda diňe ikinji tapgyrda "Ýangon Ýunaýtedi" 2:1 hasabynda ýeňip bilmedi. Galan 5 duşuşyk olaryň garşydaşlarynyň peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşyklaryň ählisinde esasy düzümde meýdana çykan ildeşimize bu ýyl AFK-nyň kubogynda bir gezek hem tapawutlanmak miýesser etmedi. Ýöne umumylykda alanyňda, yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna mundan ozal "Altyn asyryň" we Gyrgyz Respublikasynyň "Dordoýynyň" düzüminde gatnaşan ildeşimiz jemi 4 gezek tapawutlanypdy.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl AFK-nyň kubogynda türkmen futbolçylarynyň ikisi daşary ýurt toparlaryna wekilçilik edýär. Olaryň ikinjisi "Dordoýyň" türkmenistanly hüjümçisi Wahyt Orazsähedowdyr. Gyrgyz Respublikasynyň çempionatynda juda üstünlikli çykyş edýän ildeşimize bu ýyl diňe bir gezek tapawutlandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň