Türkmenistanyň taryhynda ilkinji futzal boýunça Naýbaşy kubok duşuşygy. Kim ýeňer?

13:4609.03.2019
0
4755

10-njy martda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek futzal boýunça Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk geçiriler. Munuň özi, hakykatdan-da, taryhy duşuşykdyr. Ilkinji duşuşyk Türkmenistanyň çempiony - Içeri işler ministrliginiň "Köpetdagy" (baş tälimçisi Mergen Orazow) bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň "Deňizçi" futzal toparynyň (baş tälimçisi Ýakup Öwezow) arasynda geçiriler. Ol gündiz sagat 12-de başlanar.

Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk, şol bir wagtyň özünde, täze futzal möwsüminiň açylyşy bolar. Şu gün sport žurnalistleriniň hem gatnaşmagynda duşuşygyň öňüsyrasynda maslahat geçirildi. Onda futzalçylaryň geýjek köýnekçeleri we käbir gurmaçaylyk meseleleri bilen tanyşdyryldy. Aýdylyşy ýaly, "Köpetdag" gök, "Deňizçi" bolsa ak köýnekçede çykyş eder.

Toparlaryň her biriniň düzüminde 14 oýunçy bolar. Olaryň bäşisi duşuşygyň ilkinji minutlaryndan meýdança çyksa, galanlary oýnuň dowamynda çalşyrylar. Jemi 40 minutdan ybarat boljak duşuşygyň esasy wagty deňlikde tamamlansa, 5 minut goşmaça wagt berler. Eger ýeňiji onda-da kesgitlenmese, duşuşygyň ykbalyny 6 metrlik jerime urgulary çözer. 

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň baş emini Azat Hajypoladow (Balkanabat şäheri), onuň kömekçileri bolsa Timur Ramazanow, Batyr Esenow we Georgiý Aslanýan (ählisi - Aşgabatdan) dagylar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň