Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow: «Iň kyn düşen zat ilkinji goly geçirmek we psihologiki basyş boldy»

23:5928.02.2019
0
4518

AFK-nyň kubogy ― 2019-yň saýlama tapgyrynyň jogap duşuşygyndan soňra, «Ahal» futbol toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow metbugat maslahatyny geçirdi. Ol sözüni ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini täze bir möwsümiň başlanmagy bilen gutlamakdan başlady. Saýlama tapgyryň jogap duşuşygynda Gyrgyz Respublikasynyň «Alaýyny» 1:0 hasabynda (iki duşuşygyň netijesinde 3:1) ýeňen «Ahal» yklymyň ikinji derejeli halkara ýaryşynda ýoluny üstünlikli dowam etdirýär.
― Her möwsümiň başynda-da öz meýdanyňdaky ilkinji oýnuň jogapkärçiligi uly bolýar ― diýip, baş tälimçi sözüni dowam etdirdi. ― Bu jogapkärçilikden täsirlenmeler futbolçylarymyzda aýan göründi. Şeýle ýagdaýda oýny garşydaşa görä alyp barmaly barýar. Öz meýdanyndaky utulyşdan soň «Alaý» töwekgelçilikden gorkman, güýçli oýun görkezdi. Olar töwekgellik bilen ýiti hüjümleriň birnäçesini gurnadylar. Bu bolsa biziň işimizi çylşyrymlaşdyrdy.
― Oýnuň bütin dowamynda gyrada hereket edýän ýarym goragçylar Guwanç Abdylow bilen Merdan Gurbanow wagtal-wagtal ýerini üýtgedip durdy. Bu siziň görkezmäňizdimi?
― Käbir duşuşykda bu ýagdaý zerurlyk bolup durýar. Onuň tälimçi bilen baglanyşdyrylýan ýerleri hem bar. Ýöne bu gezek ýer çalyşma karary ýarym goragçylarymyzyň özüne degişli.
― «Alaýyň» birinji duşuşyga garanyňda, Aşgabatda has gowy oýny orta goýmagy sizi haýran galdyrdymy?
― Olaryň Aşgabatdaky duşuşyk üçin maksady hem şol. Olar öz meýdanyndaky duşuşykda öz üstlerinde has uly jogapkärçilik duýdular, bu bolsa olaryň oýna bolan ünsüni gowşatdy. Ýöne myhmançylykdaky duşuşykda olaryň ýitirýän zady ýokdy. Şeýle duýgy bilen, töwekgelçiligi bütinleý öňe tutunyp meýdana çykan topara garşy oýnamak hem kyn bolýar. Olar Aşgabatda öz isleýşiçe oýnadylar, bu bolsa mahal-mahal bizde kynçylyklary döretdi. Men geçirilen gollary şowlulyk bilen hem baglanyşdyrýaryn. Şonuň üçin «Alaýa» asla gowşak garşydaş hökmünde seredemok. Toparyň uly geljegi bar.
Duşuşykdan soňra futbolçylaryma heniz hem aňryçäk oýnuny orta goýup bilmändiklerini aýtdym. Bu janköýerlere hem görünýär. Men olaryň diňe bir toparlaýyn türgenleşiklerde däl-de, özbaşdak hem köp tügenleşmegini isleýärin. Kemçiliklerimiz bar, ýöne düzelderis. Tälimçiler düzümi bilen ähli ýalňyşlyklarymyzy düzeltmek üçin topary has köp türgenleşmäge ruhlandyrarys.
― Diýmek, «Ahalyň» oýnunda ýene käbir ýetmezçilikler bar...
― Hawa, tutuş topar halynda-da, oýunçylaryň şahsy netijesi boýunça-da garaşylan derejä ýetip bilemzok. Işlemegimizi dowam ederis. Bu duşuşyk ― öz meýdanymyzdaky ilkinji oýun. Tizligimizi assa-ýuwaşdan artdyryp, hem fiziki, hem taktiki taýdan iň oňat derejä çykmagy maksat edinýäris.
― Bu duşuşykda «Ahala» iň kyn düşen zat näme boldy?
― Iň kyn düşen zat: ilkinji pökgini geçirmek we üstümizdäki basyşy ýeňmek boldy. «Ahal» ― ýurdumyzda täze möwsüme girişen ilkinji topar. Jogapkärçilikden döreýän basyş ilkinji minutlarda oýunçylarymyza täsir etdi. Ýöne goldan soň olar özüni dürsediler. Indiki oýunlarda psihologik basyşy ýeňmegiň üstünde işläris. Çünki basyş meýilleşdiren işleriňi doly ýerine ýetirmäge mümükinçilikleriňi çäklendirýär. Sintetik örtükli meýdanda oýnalmagy hem oýunçylarymyza täsir edendir. Tebigy otly meýdanda türgenleşip, esasy duşuşygy sintetiki örtükli meýdanda geçirmek oýunçylarda belli bir kynçylyklary ýüze çykarýar. Ýöne men duşuşykdaky kynçylyklary bu ýagdaýa baglamaýaryn. Bizde heniz psihologik, taktik we fiziki kemçilikler bar.
― Täjigistanyň «Hujandy» bilen boljak duşuşyga nähili taýýarlanmagy meýilleşdirýärsiňiz?
― Heniz belli däl, ýöne tebigy otly meýdanda-da, sintetiki düşekli meýdanda-da türgenleşeris diýip pikir edýär. «Hujand» ― has güýçli garşydaş. Topar geçen ýylkydan hem güýçlenene meňzeýär. Olaryň futbolçylary Täjigistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň milli ýygyndylarynda hem tejribesini artdyrdylar. Her niçik hem bolsa, Täjigistanyň wise-çempiony bilen oýnaýarys. Duşuşyk ýeňil bolmaz.
Merdan Gurbanow: «Indiki garşydaş bilen ertir oýnamaly bolsa hem taýýar»
Bu metbugat maslahatyna «Ahalyň» 27 ýaşly ýarym goragçysy Merdan Gurbanow hem gatnaşdy. Şu duşuşykdaky ýeke-täk pökgini geçiren, şeýdibem duşuşygyň iň gowy futbolçysy bolmagy  başaran ýarym goragçy çekeleşikli oýun baradaky pikirlerini şeýle beýan etdi:
― Garşydaş gowy oýnady. Emma biziň hem ähli ünsümiz oýunda jemlendi. Duşuşygyň bütin dowamynda tälimçimiziň görkezmelerini berjaý etmäge çalyşdym.
― Geljekki garşydaş ― Täjigistanyň «Hujandy» barada näme aýdyp bilersiňiz.
― Garşydaşymyz bilen duşuşyga ertir çykmaly bolsa hem taýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň