Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Kaka etrabynda täze binalaryň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralaryna gatnaşdy

23:5915.02.2019
0
7799

15-nji fewralda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde gurlan döwrebap suw arassalaýjy toplumyň açylyş dabarasy boldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Garahan şäherçesinde umumybilim berýän mekdebiň düýbi tutuldy.
Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, milli parlamentiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şäherdir etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Täze suw arassalaýjy desgalar toplumyny «Mukaddes toprak» ýerli hususy kärhanasy bina etdi. Bu desga gije-gündiziň dowamynda ýokary hilli arassa agyz suwunyň 30 müň kub metrini öndürmäge niýetlenendir. Bu bolsa töwerekdäki obalaryň ilatynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Telekeçileriň guran toplumynyň tehnologik görkezijileri suwuň birnäçe gezek arassalanylmagyny, saklanylmagyny, degişli süzgüçlerden geçirilmegini we zyýansyzlandyrylmagyny öz içine alýar. Bu desga onlarça döwrebap sorujy gurnawlar, süzgüçler, barlaghana we beýleki görnüşli enjamlar hem-de gurallar bilen üpjün edildi. Agyz suwy sarp edijilere ugradylmazdan öňürti arassalaýşyň ähli tapgyrlarynda we taýýarlyk işlerinde birnäçe gezek barlagdan geçirilýär hem-de kärhananyň barlaghanalarynyň netijelerine daýanylýar.
Şeýle hem etrabyň Garahan şäherçesinde 400 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Onuň gurluşygy «Owadan zemin» hususy kärhanasyna ynanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň