Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mahaçkala portuna türkmen nebiti eltilip başlandy

12:5228.01.2019
0
1453

Iki ýyllyk arakesmeden soňra Mahalçkalanyň söwda portuna türkmen nebiti geldi diýip, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri portuň baş müdiriniň kömekçisi Alik Abdulgamidowyň aýdanlaryna salgylanyp, habar berýär.
Ýakynda «Alaja» nebit tankeri bilen Mahaçkala şäherine türkmen nebitiniň 6 müň tonnasy eltildi. Ýakyn günlerde bolsa «Tanker ― 21» hem-de «Hazar» gämileri arkaly ýurdumyzdan ýene-de birnäçe müň tonna nebitiň Russiýa eksport edilmegine garaşylýar. Türkmen nebiti dostlukly döwletiň Hazardaky söwda portuna «Dagneftprodukt» kompaniýasynyň sargytnamasy boýunça eltildi.
Portuň baş müdiri Murad Hydyrowyň rus žurnalistlerine maglumat berşi ýaly, 2019-njy ýylda bu port arkaly ýarym million tonna türkmen nebitini kabul edip, ýurduň dürli ýerlerine ugratmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň