Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda neşe serişdelerini ýakmak çäresi geçirildi

11:1609.12.2018
0
13895

8-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň birnäçesiniň barşynda ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, ýasama temmäki önümlerini ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi.

Ýurdumyzyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy topar hem-de Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döwletimizde işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de esasy halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlara ele salnan neşe serişdeleri görkezilip, soňra olar howply önüm gaplanan haltalary ýörite peçlere okladylar. Şunda howply serişdeleri ýakyp ýok etmek işi bellenilen düzgünlere laýyklykda, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we ygtyýarly bilermenleriň gözegçilik etmeginde geçirildi.

Dekabryň başynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hem tutuş adamzat üçin örän howply bolan döwrüň wehimine garşy durmaga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy barlyşyksyz göreşmäge döwletimiziň hem-de tutuş jemgyýetimiziň pugta ygrarlydygy barada gürrüň edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň