Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitinde Prezidentler metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler

23:4324.08.2018
0
10854

Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Häzirki mejlisiň netijelerine baha berip, onuň özara düşünişmek we açyklyk ýagdaýynda geçendigini, örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny bellemek gerek diýip, türkmen Lideri aýtdy. AHHG-nyň işiniň dürli ugurlary, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, ony kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ugurlary we geljegi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitiň barşynda AHHG bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, oňa ulgamlaýyn we uzakmöhletli häsiýet bermegiň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, şu ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda” diýen rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen, şunuň ýaly, gatnaşyklar anyk mazmuna eýe bolmaga gönükdirilendir. Türkmenistan bu resminamanyň ähli düzgünleriniň takyk we öz wagtynda amala aşyrylmagy ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Umuman, Sammit biziň döwletlerimiziň Aral meselesini çözmekde hem-de sebitde ekologiýa meseleleriniň giň, ähli ugurlary boýunça bilelikdäki deňhukukly we hormat goýmak hyzmatdaşlygyna pugta gönükdirilendigini görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu gün hemmeler tarapyndan ýokary jogapkärçilik, öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna düşünilýändigi, şeýle hem möhüm ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmek babatda biziň ýurtlarymyzyň maksatlarynyň hem-de bähbitleriniň umumy bolup durýandygyna düşünilýändigi görkezildi.

Türkmenistanyň Baştutany duşuşyga işjeň gatnaşandyklary üçin AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Prezidentlerine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, häzirki Sammitiň üstünlikli işlemegine mynasyp goşantlaryny goşan ähli ýurtlaryň bilermenlerine, hünärmenlerine, diplomatlaryna hem minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň PrezidentiAral deňziniň meseleleri boýunça hakyky ykbal ähmiýetli duşuşygyň geçirilendigini nygtap, adamzadyň taryhynda iň iri ekologiýa heläkçiligi bolup durýan giň möçberli Aral meselelerine ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, Aral meselesiniň çözülmegi dünýä jemgyýetçiliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň , beýleki degişli düzümleriň goldamagynda umumy tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýär. Häzirki duşuşygyň barşynda taraplar Gaznanyň işini kämilleşdirmek hakynda ylalaşdylar, ýaramazlygyň täsirlerine hötde gelmäge, Aral deňziniň sebitinde ylmy we toplumlaýyn çemeleşmegiň suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagy, suw-energetika serişdelerini oýlanyşykly ulanmagyň esasynda ekologiýanyň sagdynlaşdyrylmagyna gönükdirilen netijeli teklipler aýdyldy. Bu hem kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapdy.

AHHG-ny esaslandyryjy döwletler umumy düşünje, özboluşly millilik mahsus bolan ýakyn goňşulardyr. Munuň özi halklarymyzyň abadançylygy üçin ykdysady hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmagyň zerurdygyny şertlendirýär, munuň üçin taraplar degişli çäreleri görýärler diýip, gazak Lideri belledi.

Gazagystanyň Baştutany Aral meselesi babatda geçirilen çynlakaý, giň gerimli ara alyp maslahatlaşmalara kanagatlanma, şeýle hem mundan beýläk AHHG-niň Sammitiniň yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyna umyt bildirip, möhüm waka hökmünde häzirki forumyň ähmiýetini nygtady hem-de netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Soňra çykyş eden Prezident Sooronbaý Žeenbekow  AHHG-nyň işini kämilleşdirmek babatda Gyrgyzystanyň garaýşy beýan edildi diýip, çäkli görnüşdäki duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

“Araly halas etmek üçin biziň umumy maksadymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bähbitlerini we isleglerini deň nazara almak bilen, Gaznanyň we onuň edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar” diýip, Prezident Sooronbaý Žeenbekow belledi.

Dostlukly ýurduň Baştutany sözüniň ahyrynda Merkezi Aziýa sebitinde ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, suw-energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Gyrgyzystanyň açyk bolup galýandygyny belledi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň mejlisiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde durýan wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanandygyny belledi.

Biziň döwletlerimiz sebitiň ekoulgamynyň goralyp saklanylmagy üçin geljekki nesilleriň öňünde öz jogapkärçiligine aýdyň düşünýärler diýip, täjik Lideri Gaznanyň öňünde durýan uly wezipelere ünsi çekdi, olaryň amala aşyrylmagy, ähli taraplaryň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň tagallalarynyň ysnyşykly utgaşdyrylmagyny talap edýär.

Täjigistan Gaznanyň işiniň ähli ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmäge we özara bähbitli sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi.

Doganlyk döwletiň Baştutany soňky wagtda sebitde giň gerimli meseleler boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň oňyn meýilleriniň göze ilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Sebitleýin suw hojalyk we ekologiýa meseleleri boýunça taraplaryň netijeli garaýyşlary ruhubelentlik döredýär diýip, täjik Lideri suw-energetika we beýleki tebigy serişdeleriň oýlanyşykly peýdalanylmagy Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini gazanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Prezident Emomali Rahmon howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de tebigy betbagtçylyklar bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak ýaly ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Sebitiň ilatynyň ösüşine aýratyn üns berildi. Ol suw serişdelerine bolan islegleriň artmagyna getirer. Bu bolsa ýurtlarymyzy suw bilen üpjün etmek boýunça islendik meýilnamalary we maksatnamalary düzmek üçin esasy ýagdaý bolup durýar.

Prezident Emomali Rahmon sözüniň ahyrynda bilelikde ösmegiň we hyzmatdaşlyk etmegiň asyrlardan gelýän däplerine daýanyp, ýurtlarymyzyň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin hemme zerur işleri amala aşyryp biljekdiklerine ynam bildirdi.

Öz nobatynda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, taryhy Sammit üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitiň öňünde durýan wezipelere täzeçe çemeleşmeginiň anyk mysalydyr.

Özbek Lideriniň aýdyşy ýaly, şu gün çäkli we giňişleýin düzümde geçirilen mejlislerde örän açyk, anyk we ynanyşmak ýagdaýynda gepleşikler geçdi, anyk işlere geçmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Aral heläkçiliginiň meselesi düýpli oýlanyşykly çözgütleri talap edýär. Prezident Şawkat Mirziýoýew bular barada aýtmak bilen hem-de taraplaryň ýygy-ýygydan duşuşmaga umumy pikiriniň we meýilleriniň bardygyny nygtap, döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde hem-de Sammitde aýdylan teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmakda AHHG-a başlyklyk edýän Türkmenistanyň we hut türkmen Lideriniň birleşdiriji we utgaşdyryjy ornuny belledi.

Özbegistanyň Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýüzlenmegini tamamlap, geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma hem-de olaryň ýakyn geljekde anyk netijelerini berjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň