Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi

23:5402.03.2018
0
5384

1-nji martda paýtagtymyzda açylan Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde şu gün ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi.

Eýranyň senagat toplumynyň gazananlarynyň her ýyl geçirilýän gözden geçirilişine gatnaşmak üçin Türkmenistana Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygynda uly işewürler topary geldi.

Duşuşyga Horasanyň, Mazandaranyň, Gülüstanyň, Birjanda şäheriniň, şeýle hem Sarahsyň ýöriteleşdirilen ykdysady zolagynyň we goňşy ýurduň beýleki şäherleriniň senagat merkezlerine wekilçilik edýän eýran kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 65-siniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan söwda-ykdysady ulgamyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň barşynda myhmanlara häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysadyýetine bagyşlanan tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Ulag we aragatnaşyk, elektroenergetika, gurluşyk, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk önümleriniň önümçiligi hyzmatdaşlaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Obasenagat toplumynyň täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana önümçiliklerini gurmak, öňdebaryjy biotehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ulgamlarynda özara gatnaşyklar meselelerine aýratyn üns berildi.

Işewürler maslatyň çäklerinde iki goňşy ýurduň dürli edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň