Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşydaky NGIZ toplumynda nebit koksundan grafit alyndy

11:4818.07.2017
0
1941

“Ülke” hususy kärhanasynyň we Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň hünärmenleri täsin synag geçirdiler.

Türkmen ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak babatynda okgunly ösüş innowasiýa taslamasynyň netijesidir — ýurdumyzda ilkinji gezek emeli grafit öndürildi.

Telekeçileriň we Türkmenbaşydaky NGIZT-niň işgärleriniň bilelikdäki tagallalary bilen synag pejinde emeli grafit öndürildi. Barlaglary geçirmek üçin grafitleşdirmegiň netijeli usuly peýdalanyldy – bu usul işlenilýän önümi iň ýokary ýylylyga çenli gyzdyrýan elektrik togunyň ulanylmagydyr. Bu tehnologiýa 1896-njy ýylda A.Açeson (ABŞ) tarapyndan oýlanyp tapyldy we ondan häzirki güne çenli dünýäde peýdalanylýar.

Köp energiýa talap edýän tehnologiýalar ulgamynda tejribe-synag barlaglaryny geçirýän hususy kärhananyň inžener-tehniki işgärleriniň öňünde şeýle maksat goýuldy: ýerli nebit koksundan emeli grafit almagyň mümkinçiliklerini anyklamak tabşyryldy.

Munuň üçin Owadandepedäki metallurgiýa zawodynda 5000A-dan ýokary tokda işlemäge hem-de ony peje geçirmäge ukyply ýörite transformator peýdalanyldy. Şeýle hem “Açeson pejiniň” synag maksatly gurluşy işlenip taýýarlanyldy, ol kärhananyň bölüminde gönüden-göni nebit koksunyň howasyz şertlerde gyzgynlygyň üç müň gradusa çenli ýanmak mümkinçiligini döredýär. Hut şu tehnologiýanyň kömegi arkaly nebit koksuny ýakyp, ondan emeli grafit almak başartdy.

Bu tejribäni taýýarlamak üçin taslamany düzüjilere köpýyllyk nazaryýet taýýarlygy hem-de bir ýyldan gowrak iş geçirmek zerur boldy. Olaryň metallurgiýa zawodynda guran pilot gurnamasy geçen ýylyň ahyrynda ilkinji önümi berdi. Barlaghana hasaplamalarynyň beren maglumatlaryna görä, önümleriň peçden alnan nusgalary, fiziki aýratynlyklary — agramy, elektroenergiýa garşylyk görkezmegi, himiki düzümi, rentgen düzüminiň barlagy – emeli grafitiň ýokary derejede arassadygyny doly tassyklady. Bulardan başga-da, etalon elektrodlary bilen deňeşdirme geçirilende Türkmenbaşydaky NGIZT-niň nebit koksundan taýýarlanýan emeli grafitiň arassalygyna güwä geçdi.

“Ülke” HK-nyň hünärmenleri maglumatlary seljerdiler we degişli hasaplamalary geçirdiler: grafit öndürilýän wagty sarp edilen energiýanyň möçberi, önümçiligiň dowamynda energiýanyň ýitgisi, desganyň peýdaly işiniň netijesi, pejiň işleýiş gyzgynlygy we beýlekiler. Bu aýratynlyklar Türkmenistanyň kärhanalarynda “Açeson peçlerinde” grafit we grafit önümlerini işläp taýýarlamakdaky netijelilige baha bermäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem zawodda gurnalan pejiň aýratynlyklary barada barlag geçirildi. Ýygnalan maglumatlaryň jemi boýunça diňe bir agzalýan önümi däl-de, gurluşyň daşky gurşawyň hem arassalygyna düýpli täsir edýändigi anyklanyldy.

Türkmenistanyň metallurglary üçin düýpden täze önüm bolan öýjükli demre dünýäniň gara metallar bazarynda uly isleg bildirilýär. Metallurgiýa tozanyny gaýtadan peýdalanmak howa zyňylýan zyňyndylar bilen bagly meseläniň oňyn çözülendigini aňladýar.

Biziň ýurdumyzda emeli grafitiň ulanylyşy hakda aýdylanda bolsa onuň häzirki we geljekki ykdysady ýagdaýyna üns bermek zerurdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda, bir tarapdan, nebit koksy eksport edilýän bolsa, ikinji tarapdan, metallurgiýa pudagyny ösdürmek bilen bir hatarda nebit koksundan alynýan grafit önümleri daşyndan getirilýär. Şonuň üçin hem grafit önümlerini öndürýän zawodyň gurulmagynyň ýurdumyza nähili uly ykdysady peýda berjekdigi düşnüklidir.

Döwletimiz gymmat bahaly dürli görnüşli tebigy serişdelere örän baýdyr. Meselem, diňe bir Garabogaz aýlagynda “Mendeleýewiň tablisasyndaky” ähli elementler bardyr. Grafit önümleri bolsa elektroliz usuly arkaly duz erginini toplumlaýyn gaýtadan işlemek ýoly bilen olary almak üçin zerur “gural” bolup durýar. Munuň özi olaryň örän uly isleg bildirilýän önümlerdigini aňladýar. Şoňa görä-de, bu önümi öndürip biljek zawodyň gurulmagy ýurdumyzyň mineral serişdeleriniň özleşdirilişini çaltlandyrmaga ýardam eder.

Ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň ýakyn geljekdäki ugurlary ylmy taýdan çemeleşmek we önümçiligiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, himiki serişdeleri arassa görnüşinde almak esasynda çig mal gorlaryny giňden işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Bu ugur ýörite grafit önümlerini tehnologiýanyň synag ýoly bilen seçilip alynmagyny, soňra önümçilige ornaşdyrylmagyny hem göz öňünde tutýar. Munuň özi grafit önümleri we oda çydamly serişdeler ýaly çykdajyly düzümleri daşyndan getirmek zerur bolýanlygy üçin öň düşewüntsiz hasaplanan önümçilikleriň hem tehnologik kadalaryna gaýtadan seretmäge hem delil bolar.

Ýurdumyzyň çägindäki iri nebit gorlary olardan dünýä bazarynda düşewüntli bolan nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek üçin hem oňyn şertleri döredýär. Şonuň üçin hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täze tehnologik desgalary gurmak Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak onuň möhüm ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda uglewodorod serişdelerinden taýýarlanylýan, ýurdumyzda ozal öndürilmeýän önümleriň täze görnüşlerini, hususan-da, iňňe görnüşli nebit koksuny almagyň taslamalary işlenilip taýýarlanylýar. Ösen ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň möhüm pudaklarynda uly isleg bildirilýän bu önüm dünýä bazarynda örän girdejili hasaplanylýar. Ol nebiti gaýtadan işlemek ýoly bilen alynýan grafit elektrodlaryny taýýarlamakda peýdalanylýan gymmat bahaly önümdir.

Türkmenistanda senagat pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi bilen iňňe görnüşli koksuň önümçiligini guramagyň, koksdan grafiti gaýtadan işläp almagyň we grafit önümlerini çykaryp başlamagyň bähbitlidigine üns bermek zerurdyr. Bu mümkinçilikleriň bardygyny “Ülke” hususy kärhanasynyň şowly synaglary aýdyň görkezýär.

Öňdebaryjy grafit tehnologiýasynyň özleşdirilmegi bilen türkmen döwletiniň emeli grafitiň we grafit önümleriniň ähli görnüşleriniň dünýä bazarynda ygtybarly orun eýelemegine mümkinçiligi bar. Munuň özi ýurdumyza goşmaça maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün eder.

2016-njy ýylda bu harydy iberýän ýurtlaryň hataryna Hytaý (dünýä importynyň 13,6 göterimi), Malaýziýa (12 göterimi), Koreýa Respublikasy (10,8 göterimi) we soňra barha azalýan möçberlerde Ýaponiýa, ABŞ, Germaniýa, Fransiýa, Hindistan, Braziliýa, Beýik Britaniýa ýaly ýurtlar girdi.

Ýurdumyzyň senagatynda bu düýpgöter täze pudagyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, diýarymyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berjek gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň