Gadymy Merw — britan žurnalynyň nobatdaky sanynyň mowzugy

06:5713.07.2017
0
16960

Ýakynda Beýik Britaniýada neşir edilýän iri ýöriteleşdirilen “Bütindünýä arheologiýasy” atly ylmy-köpçülikleýin žurnal öz sahabynda orta asyr binagärliginiň ýadygärligi, “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýerleşen hem-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Uly Gyzgalanyň şekilini ýerleşdirdi.  Britan žurnalynyň sahypalarynda näme üçin hut şu ýadygärligiň giň gerimli taslama üçin saýlanyp alnandygy barada gürrüň berilýär.

«Ýüpek ýolunda ýerleşmegi sebäpli Merw dünýäniň beýik şäherleriniň biri bolupdyr diýip, makalanyň awtory, Londonyň arheologiýa institutyndan dünýäniň belli arheologlarynyň biri Tim Uilýams gürrüň berýär. –Bu ýerde ençeme beýik siwilizasiýalaryň — Ahemenidleriň, Selewkitleriň, parfiýalylaryň, Sasanidleriň, şeýle hem musulman imperiýalary bolan Omeýadlaryň, Abbasidleriň, Seljuklaryň yzlary saklanyp galypdyr. Bu şäher dürli döwürlerde her dürli atlandyrylypdyr: Antiohiýa  Margianskaýa, Gäwürgala, Soltangala, Maru-Şahyjan, Marw, Merw, Mary. Onuň ýatdan çykan başga-da atlary bolan bolmagy mümkin, emma onuň ençeme asyrlaryň dowamynda tutuş dünýä tanalandygy hakykatlygyna galýar».

“Bütindünýä arheologiýasy” žurnalynyň sahypalarynda Merwiň şähergurluşyk özgertmeleri, şeýle hem käbir soňky açyşlar we tapyndylar barada gürrüň berilýär. Žurnalyň sahypalarynda öz beýanyna eýe bolan beýleki möhüm ylmy we amaly mesele Merwiň köp sanly toýun ýadygärliklerini, ýagny orta asyrlarda çig kerpiçden bina edilen, şonuň üçin has gowşak bolan ýadygärliklerini aýawly saklamak bilen bagly bolup durýar. Ýarym asyr mundan ozal, Garagum derýanyň çekilmegi bilen, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagy şol desgalaryň durnuklylygynyň ýitmegine getirdi. Bu  örän möhüm taryhy desgalary ygtybarly dolandyrmaga ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin  daşary ýurtly bilermenler goraghananyň işgärleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler.

Ýakynda Tim Uilýams ÝUNESKO-nyň bilermenler topary bilen ýurdumyza gelip, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirliginiň Ylmy-usulyýet geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Onda Uly Gyzgalany aýawly saklamak boýunça geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň strategiýasy ylalaşyldy. Daşary ýurtly hünärmenler degişli taslamany amala aşyrmakda türkmen kärdeşleriniň taýsyz tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, ýadygärlikde işleri geçirmegiň usulyýeti boýunça aýry-aýry teklipler we maslahatlar boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem milli taryhyň täsin gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň hatyrasyna geljekde netijeli hyzmatdaşlyk edilmegine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň