Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Bulut» kompaniýasy Stambulda geçirilýän Türkmenistanyň eksport harytlarynyň halkara sergisinde öz önümlerini görkezýär

13:2203.07.2025
0
17728

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti 2025-nji ýylyň 2–5-nji iýuly aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän «F Istanbul Food and Beverage Products + Production Technologies Export Fair» forumynyň çäklerindäki Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşýar.

Bu sergä gatnaşmak bilen kompaniýa daşary ýurtlarda ilkinji gezek özüniň innowasion önümini – BOARDLINE atly binalar üçin ýöriteleşdirilen daşky (fasad) bezeg panellerini hödürleýär. Bu paneller suwa durnuklylygy we ýangyna garşy çydamlylygy üpjün etmek üçin taýýarlanyldy, olaryň gurluşy ýörite goşundylary bolan suwa çydamly gipsli ýadrodyr we iki tarapynda açyk mämişi reňkli aýna süýümli maddalar bilen örtülendir. Bu aýratynlyklar ony adaty fasad örtgi bezeg materiallaryndan tapawutlandyrýar.

BOARDLINE panelleri heňlemeden ýokary derejedäki goragy üpjün edýär – geçirilen synaglaryň netijelerine görä ol 10 ballyk iň ýokary derejä ýetýär. Bu paneller her dürli daşky (fasad) bezeg materiallarynyň – metal, winil, agaç we bezeg kerpiç panelleriniň aşagynda esas hökmünde giňden ulanylýar. Şeýle-de olary potolok üçin aralyk örtük hökmünde hem ulanyp bolýar. Örän çygly ýerler üçin hem örän laýyk önümdir. Bu önümiň esasy artykmaçlyklarynyň biri – gurnamagyň amatlylygydyr, çünki ony adaty gipsokarton ýaly kanselýariýa pyçagy bilen aňsatlyk bilen kesip bolýar.

Sergide gurnalan diwarlykda «Ak Bulut» kompaniýasynyň esasy önümleriniň giň görnüşleri hödürlenýär, olar kompaniýanyň gurluşyk çözgütlerine degişli bolan häzirki zaman çemeleşmelerini görkezýärler.

  • gipsokarton önümleriniň birnäçe görnüşi;
  • winil örtükli asma potoloklar;
  • gipsokartondan edilen akustiki asma potoloklar;
  • metal potoloklar (Baffle, Lamel, Mesh görnüşleri);
  • asma potoloklar we gipsokarton üçin profil ulgamlary;
  • aksessuarlaryň giň toplumy.

Kompaniýanyň önümleriniň giň görnüşleri baradaky maglumatlary «Ak Bulut» ykjam goşundysy arkaly alyp bolýar. Bu ýerde gurnalmaly potolok meýdanyny hasaplamak üçin ähli profiller we aksessuarlar bilen bilelikde ýörite hasaplaýjy kalkulýator hem elýeterlidir.

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti – innowasion çözgütleri gözleýän, iri taslamalara gatnaşýan we täze belentliklere ýetmegi maksat edinýän barha depginli ösýän kompaniýadyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • (+99312) 754243 / 754244
  • (+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +99362 14 00 44

Baş edarasy we sergi otagy:

  • Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, j. 29/1, 3-nji gat

Önümçilik merkezi:

  • Asma potoloklar we profil ulgamlary üçin zawod we ammary – Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby;
  • Gipsokarton, BOARDLINE panelleri we gury gurluşyk garyndylary üçin zawod we ammary – Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň etegi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň