Russiýada amur peleňine ýok bolmak howp salmaýar diýip, ýurduň ýustisiýa ministri, «Амурский тигр» merkeziniň synçy geňeşiniň başlygy Konstantin Çuýçenko aýtdy. Bu barada «news.mail.ru» habar berdi.
«Mundan 13 ýyldan gowrak wagt öň biz amur gaplaňyny gorap saklamak boýunça ulgamlaýyn işe başladyk. Köp iş edildi. Biziň gazanan netijämiz erbet däl, haçanda bu işe başlanymyzda, Russiýanyň çäginde amur gaplaňlarynyň 430 töweregi bardy. Häzir olaryň sany 750-ä ýetdi diýip ynanýarys. Diýmek, biz amur gaplaňyny goramakda öňde goýlan wezipäni berjaý etmegiň hötdesinden geldik» diýip, ministr Moskwadaky Twer bulwarynda geçen fotosergide çykyş edende aýtdy.
Çuýçenko şeýle hem moskwalylary Uzak Gündogara syýahat etmäge, künjegiň tebigat gözelliginden ruhy lezzet almaga çagyrdy.