Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da meteorit bölegi ýaşaýyş öýüniň üçegini deşdi

10:5603.07.2025
0
13564
ABŞ-da meteorit bölegi ýaşaýyş öýüniň üçegini deşdi
Surat: Zakon.kz

ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda ýaşaýyş öýüniň üçegini asmandaşyň (meteorit) bölegi deşdi diýip, «Fox News» teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär.

Wakanyň şaýatlary asmanda otly şar gördüler. Ol Jorjiýanyň demirgazyk böleginiň üstünden uçup geçdi, asmanda partlap, birnäçe böleklere bölündi. Olaryň biri-de ýaşaýyş öýüniň üstüne gaçyp, öýüň içine düşdi.

Genri okrugynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasynyň wekili meteoridiň gaçmagy bilen bagly hiç kimiň ejir çekmändigini habar berdi. Milli howa gullugy öýe gaçan daşy ýa meteorit bölegi, ýa-da älemdäki zibil diýip çaklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň