Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdulaý Diopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-mali hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.