Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Prezidenti «Trump Victory» diýen at bilen atyr çykardy

18:2202.07.2025
0
15761
ABŞ-nyň Prezidenti «Trump Victory» diýen at bilen atyr çykardy
Surat: Knews.kg

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz atyryny çykardy. Ol bu barada «Truth Social» sosial torunda habar berdi we atyrlaryň suratyny çap etdi.

Trampyň: «Olar Victory 45-47 diýlip atlandyrylýar, sebäbi olar ýeňiş, güýç we üstünlik baradadyr, erkekler hem-de zenanlar üçindir» diýen sözlerini TASS getirýär.

Erkekler üçin täze atyr gara gapda, zenanlar üçin gyzyl gapdadyr. Olaryň gutusynda çäkli sanlydygy görkezilýär.

Atyrlaryň çüýşesiniň daşynda Ak tamyň eýesiniň goly hem bar. Gapagy bolsa Trampyň altyn çaýylan heýkeljigi görnüşindedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň