Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada adatdan daşary yssy howa sebäpli 1350 mekdep ýapylýar

13:0602.07.2025
0
13994
Fransiýada adatdan daşary yssy howa sebäpli 1350 mekdep ýapylýar
Surat: RIA Nowosti

Ýewropada görülmedik yssy dowam edýär. Fransiýanyň Bilim ministrligi sişenbe güni çakdanaşa yssy howa sebäpli, 1350-den gowrak döwlet mekdepleriniň ýapyljakdygyny habar berdi. Bu barada «Le Figaro» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Düýn ýurtda 200 sany okuw jaýy işlemedi. Termometrleriň sütünjigi 40 gradusdan geçdi. Parižde jahankeşdeler yssydan goranmak üçin saýa gözleýärler.

Sinoptikler howanyň has-da gyzjakdygyny duýdurýarlar. Fransiýanyň merkezi böleginde howa howplulygynyň iň ýokary – «gyzyl» derejesi yglan edildi.

Ýewropa yssy howa Demirgazyk Afrikadan geldi, ondan Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa we Portugaliýa hem ejir çekýär.

Germaniýanyň käbir etraplarynda gündiz baglary suwarmak gadagan edildi. Ýerli ýaşaýjylar suwda bolanyny gowy görýärler, emma geçen dynç günleri ýurtda 15 adam suwda gark boldy.

Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, Pariždäki meşhur Eýfel diňi 1-2-nji iýulda ýapylar. Jokrama yssynyň golaý günlerde iň ýokary derejä ýetjekdigi aýdylýar, bu energiýa üpjünçiliginde bökdençlikleri we ilatyň saglygy babatda töwekgelçilik döredip biler diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň