Bu täsin ýaryşlara özbaşdak hereket edýän robotlar gatnaşdy, Sinhua uniwersitetiniň topary ýeňiji boldy diýip, «rg.ru» habar berýär.
Futbol ýaryşy 3Х3 görnüşde geçdi. Bu gezek emeli aň bilen üpjün edilen robotlary adamlar dolandyrmady, olar özbaşdak hereket etdiler. Futbolçylaryň boýlary 1,2 metrden 1,5 metre çenli boldy. Tizlik babatda olar adamlardan yza galýar, emma ýeňmek hyjuwy welin, diýseň ýokary. «Alňasan büdrär» diýlişi ýaly, olar häli-şindi ýykylýardylar.
Jemleýji ýaryşda Sinhua uniwersitetiniň «Fire Gold» futbol topary bilen Hytaýyň Oba hojalyk uniwersitetiniň «Shanhai» topary bäsleşdi. Birinjiler 5:3 hasapda ýeňiş gazandylar.
Dünýäde robotlaryň ilkinji futbol ýaryşynda iki robot-türgeni zemmerde (nosilkada) äkitdiler diýip, «Independent» gazeti habar berdi.