Italiýanyň Florensiýa şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda birnäçe duşuşyk geçirildi.
Saparyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew 1972-nji ýyldan bäri Florensiýa şäherinde hereket edýän Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň taryhy, gurluşy, maksatnamalary we halkara gatnaşyklary bilen jikme-jik tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Amerikanyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilipdi.
Bu resminamanyň esasynda Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda ilkinji gezek amala aşyrylýan magistr derejesindäki goşa diplom boýunça (Business Administration – MBA) maksatnamanyň taslamasy boýunça işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu maksatnama boýunça okuwyň amala aşyrylmagy, iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak we iki uniwersitetiň diplomlaryny almak mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar. Okuw maksatnamasy magistrantlara halkara ykdysadyýet ulgamyndaky biznes işleriniň talaplaryna laýyk bilim hem-de başarnyklary edinmäge, strategiýa taýdan pikirlenmäge hem-de dolandyryş, ykdysadyýet we maliýe babatynda çuňňur bilim almaga mümkinçilik berer.
Duşuşykda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew bilen Kent döwlet uniwersitetiniň Florensiýa şahamçasynyň direktory Fabrisio Rikkiardelliniň arasynda uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, birnäçe ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Kent döwlet uniwersitetiniň Florensiýa şahamçasynyň fakultet dekanlary we kafedra müdirleri hem gatnaşdylar. Amerikan uniwersitetiniň ýolbaşçylary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara akademiki jemgyýetçilige has giňden goşulmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe teklipler bilen çykyş etdiler:
- ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Florensiýa şahamçasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halkara uniwersitetleriň konsorsiumyna goşulmak;
- Florensiýadaky amerikan uniwersitetiniň tomusky mekdebi maksatnamasynyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryny kabul etmek we olar üçin ähli zerur şertleri döretmek;
- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlaryny bir akademiki ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynda sapak geçmek we hünärini kämilleşdirmek üçin çagyrmak;
- Kent döwlet uniwersitetiniň Florensiýa şahamçasynyň professorlaryny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine sapak bermek üçin çagyryp görmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar we netijeli duşuşyk üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.