Meşhur «Duralga» ykjam programmasyny işläp taýýarlan topar Aşgabatda we Arkadagda şäheriçi awtobuslaryň hereketini hakyky wagt birliginde yzarlamak üçin niýetlenen «Ýolagçy» atly täze ykjam programmany hödürledi.
Täze programma döwrebap, intuitiw taýdan düşnükli interfeýsi hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň täzelenen kartalaryny öz içine alýar. Ulanyjylar indi baş ekrandan çalt girmek üçin iň köp ulanylýan ugurlary saýlananlara goşmak mümkinçiligine eýe boldular. Döredijiler programma üpjünçiliginiň ozalky nusgalarynda ýüze çykarylan tehniki ýalňyşlyklaryň ýok edilendigini habar berdiler. Häzirki wagtda ykjam programma beta-synag tapgyryndadyr we yolagcy.turkmenportal.com salgysynda ýükläp almak üçin elýeterlidir.
Ýakyn wagtda resmi taýdan «App Store-da» we «Google Play-de» çykarmak meýilleşdirilýär. Işläp düzüjiler topary ulanyjylaryň seslenmelerine esaslanyp, programmanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýändiklerini bellediler. Teklipler we bellikler yolagcy@turkmenportal.com elektron poçta arkaly kabul edilýär.