Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Guterriş BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde gadaganlyk girizmegi çäklendirmegi peýdaly hasaplaýar

10:1501.07.2025
0
15737
Guterriş BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde gadaganlyk girizmegi çäklendirmegi peýdaly hasaplaýar
Surat: Report.az

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bütindünýä guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde gadaganlyk girizmek (weto) hukugyny çäklendirmegiň peýdaly boljakdygy barada pikiri orta atdy.

«BMG – bu örän giň gerimli topar - diýip, ol Ispaniýanyň TVE teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. – Onsoň, Howpsuzlyk Geňeşi diýlen düýpli mesele bar».

Baş sekretaryň pikirine görä, HG-niň häzirki zaman dünýäsiniň adyndan çykyş etmek üçin ýeterlik ygtyýarlylyk hukugy ýok. Şonuň üçin geňeşiň hemişelik we hemişelik däl agzalarynyň sanyny köpeltmek gerek.

«Meniň pikirimçe, mysal üçin, genosid töwekgelçiligi ýaly ýolberilmesiz ýagdaýlarda weto hukugyny çäklendirmek peýdaly bolardy» diýip, Guterriş nygtady.

Ýeri gelende aýtsak, Howpsuzlyk Geňeşine 10 sany hemişelik däl agza girýär we olardan her ýyl bäş döwlet çalşylyp durulýar. Bäş sany hemişelik agzalardan (Russiýa, Beýik Britaniýa, Hytaý, ABŞ we Fransiýa) tapawutlylykda, olaryň weto hukugy ýok.

Öň Guterriş Birleşen Milletler Guramasynyň ýurtlarynyň köpüsi bu edarada özgertme geçirmekligiň zerurdygyny ykrar etdiler diýdi. Emma Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öz nobatynda BMG-niň HG-ni günbatar ýurtlarynyň däl-de, Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň hasabyna giňeltmegiň ýerlikli boljakdygyny aýtdy. Lawrowyň sözlerine görä, BMG-de weto hukugyndan ýüz döndermek mümkin däl, eger şeýle edilse, gurama täsirsiz bolup galar.

Bu barada TASS habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň