Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nissan» rekord derejede ýitgi çekendigini yglan etdi

18:1530.06.2025
0
18819
«Nissan» rekord derejede ýitgi çekendigini yglan etdi
Surat: Gazeta.ru

Ýaponiýanyň «Nissan» awtoulag kärhanasy soňky maliýe ýylynyň jemleri boýunça 4,5 milliard dollar möçberinde sap ýitgi çekendigini yglan etdi. Şeýle hem kompaniýa paý peýdalary tölemegi togtatdy. Bu barada «carscoops.com» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Awtokompaniýa ýitgileri aktiwleriň hümmetsizlenmegi we işi gaýtadan guramaga çykdajylar bilen baglaýar. Mundan öň «Nissanyň» ýurtdaky we daşary ýurtlardaky kärhanalaryny ýapmakçydygy habar berlipdi. Ýagny kompaniýa özüniň Ýaponiýadaky iki kärhanasynda – Oppamadaky 1961-nji ýyldan bäri işläp gelýän zawodynda hem-de Senandaky zawodynda önümçiligi bes etmekçidigini habar berdi.

Işiň täsirliligini ýokarlandyrmak çäresi daşary ýurtlardaky kärhanalara hem galtaşar: Günorta Afrikadaky, Hindistandaky, Argentinadaky we Meksikadaky zawodlary ýapmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän «Nissan» çykdajylaryny azaltmak isleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň