Abraýly «The New York Times» gazeti öz saýtynda XXI asyryň iň gowy filmleriniň sanawyny çap etdi diýip, «kino.mail.ru» habar berdi.
Munuň üçin žurnalistler 500-den gowrak kino işgäriniň 2000-nji ýyldan bäri surata düşürilen söýgüli filmleri baradaky pikirleri bilen gyzyklandylar.
Olar ýylyň iň oňat filmi hökmünde 2019-njy ýylda surata düşürilen «Mugthorlar» filmini agzadylar. Ikinji orunda Dewid Linçiň «Malholland Draýw» (2001 ý) trilleri agzaldy. Ilkinji üçlügi Pol Tomas Andersonyň «Nebit» (2007) atly dramasy jemledi.
Öň režissýor Dewid Linçiň «Malholland Draýw» filmini surata düşürýärkä, onuň ýordumyna düşünmändigi habar berildi.