29-njy iýunda Arkadag şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şäher häkimliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy pudagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, önümçilik pudaklaryny ösdürmek bilen bagly durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýurtda iri şähergurluşyk taslamalaryna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we yzygiderli goldawlary esasynda gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen ýurduň ilkinji «akylly» şäheri bu günki gün gaýtalanmajak keşbe eýe bolýar. Häzirki wagtda 50-den gowrak ýerli hususy kärhana Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar. Bu ýerdäki lukmançylyk klasteriniň gurluşygynda Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary iş alyp barýarlar.
Maslahatda durnukly ösüşiň bähbidine sanly hem-de “ýaşyl” özgertmeleriň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Döwrebap tehnologiýalaryň ykdysady ösüş, döwlet hyzmatlaryny alyp barmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygy, tebigy serişdeleriň dolanyşygyny kämilleşdirmek üçin uly kuwwata eýedigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň diňe bir adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şäher bolman, eýsem, ylmy, bilimi, sporty ösdürmegiň, giň halkara hyzmatdaşlygyň, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň hem merkezi boljakdygyna ynam bildirdiler.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Çäräniň çäklerinde dürli önümleriň we işläp taýýarlamalaryň sergisi hem guraldy. Myhmanlar şäheriň binagärlik aýratynlyklaryna, onuň infrastrukturasyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalar baradaky maglumatlar, fotosuratlar bilen tanyşdyryldy. Sergide Arkadag şäherine berlen halkara güwänamalara, Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplaryna aýratyn orun berildi.