Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türk Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagyň däp bolan türk-türkmen dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny aýtdy.
Gahryman Arkadag mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.