Gazagystandaky atom elektrik stansiýasynyň (AES) gurluşygy 14 milliard dollar töweregi bolar. Bu barada ýurduň Atom energiýasy boýunça agentliginiň başlygy Almasadam Satkaliýew habar berdi diýip, «Tengrinews» ýazýar.
«Rosatom» kompaniýasy (Russiýa) Gazagystandaky ilkinji atom elektrik stansiýasynyň gurluşygy bilen meşgullanjak konsorsiumyň başlyklygyna saýlandy.
Ýurduň atom energetikasyny ösdürmek meseleleri boýunça geňeşi «Rosatom» edarasyny bu taslamany durmuşa geçirmekde iň amatly diýip ykrar etdi.