Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

21:4727.06.2025
0
12852
Prezident Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurduň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we bu ugurda netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda käbir resminamalara gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň