Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda seýrek haýwanlaryň biri — garagulagyň nesili ilkinji gezek hasaba alyndy

16:4527.06.2025
0
79549

Halkara alymlar topary Türkmenistanyň tebigy gurşawy bilen baglanyşykly taryhy wakany hasaba aldy. «Team Bars Turkmenistan» diýlip atlandyrylýan Şotlandiýanyň Patyşalyk zoologiýa jemgyýeti bilen türkmen topary tarapyndan bilelikde amala aşyrylýan taslamanyň çäklerinde ýerleşdirilen surata alyjy duzaklara Garabogazgöl howdanynda ilkinji gezek garagulagyň çagasynyň surata düşendigini görkezdi.

Bu açyş birnäçe sebäbe görä aýratyn ähmiýetlidir. Ilki bilen, bu ýagdaý Türkmenistanda garagulaklaryň üstünlikli köpelýändigini görkezýär we bu seýrek görnüş üçin amatly ekologiýa şertleriniň bardygyny tassyklaýar. Şeýle hem tapylan ýer bu haýwanyň ýurdumyzda hasaba alnan iň demirgazyk nokady boldy.

Gulaklarynda çykyp duran özboluşly gotazjyk bilen tanalýan garagulak pişikler maşgalasynyň iň ýaşyryn gezýän wekilleriniň biridir. Merkezi Aziýada bu haýwan juda seýrek duş gelýär, onuň köpelişi baradaky maglumat bolsa uzak wagtlap alymlar üçin syrly bolup galypdy. Garagulak ekoulgamda möhüm orny eýeleýär — ol ownuk süýdemdiriji haýwanlary we guşlary awlaýar, bu bolsa ony sebitde ekologiýanyň durnuklylygynyň görkezijisi hökmünde möhüm ähmiýetli edýär.

2024-nji ýylyň ortasynda başlanan gözegçilik taslamasy Özbegistan bilen serhetdeş Gaplaňgyr goraghanasyny hem-de Üstýurt platosynyň daglyk ýerlerini öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň