Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gyzyl üzümden gymmatly antioksidant maddasy alyndy

13:4827.06.2025
0
25427

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkyndaky biotehnologiýa barlaghanasynyň alymlary gyzyl üzümüň «Pozdniý Wawilow» («Giçki Wawilow») görnüşinden gymmatly antioksidant maddasyny — bioflawonoid resweratroly almak boýunça ylmy barlaglary geçirdiler. Bu tehnologiýanyň awtorlyk hukugy Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Resweratrol — bu ýürek-damar ulgamyny berkitmäge, öýjükleri erkin radikallardan goramaga, ýadyň işleýşini goldamaga kömek edýän güýçli tebigy antioksidantdyr. Alymlaryň pikirine görä, ol hatda düwnük keseliniň ösüşiniň öňüni almak ukybyna hem eýe bolup biler. Şeýle-de, resweratrol adamyň gartaşmasyna garşy häsiýetleri bilen hem tanalýar — glikasiýa prosesine päsgel berýär we kollagen süýümleriniň zaýalanmagynyň öňüni alýar. Bu aýratynlyk deriniň ýaşlygyny saklamaga, bedendäki täzeleniş hadysalaryny höweslendirmäge ýardam berýär.

Biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa bu açyşyň farmakologiýa, kosmetologiýa we dermatologiýa ugurlarynda giňden ulanylyp bilinjekdigini belleýär.

Üzümiň «Pozdniý Wawilow» görnüşi 1970–1978-nji ýyllar aralygynda Ösümlikleri öwrenmek boýunça Bütinsoýuz ylmy-gözleg institutynyň Türkmenistandaky synag stansiýasynda «Içkimar» we «Janjal gara» görnüşleriniň sepleşdirilmegi bilen döredilipdi. Bu görnüşiň salkymlary uly bolup, ol konus şekillidir, miweleri bolsa uzyn-silindr görnüşindedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň