Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen karateçileri Merkezi Aziýanyň çempionatynda 26 medal gazandylar

15:1226.06.2025
0
20818

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystanyň paýtagtynda tamamlanan WKF boýunça Merkezi Aziýanyň karate boýunça 10-njy çempionatynda 26 medal gazandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Türkmen türgenleriniň hasabynda 9 altyn, 6 kümüş we 11 bürünç medal bar. 36 karateçiden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndysy umumy topar hasabynda dördünji orny eýeledi.

Ýaryşa sebitiň bäş ýurdundan: Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 609 türgen gatnaşdy. Medallar ugrundaky bäsleşikler kadetleriň, ýaşlaryň we uly ýaşly türgenleriň arasynda kata (resmi maşklaryň görkezilmegi) we kumite (tutluşyk) görnüşlerinde geçirildi.

Ýaryş dört günläp dowam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň