Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy «Rowachpack» brendi bilen öndürilýän berk we amatly gaplama haltalaryny hödürleýär. Bu haltalar azyk önümlerinden başlap gurluşyk garyndylaryna we oba hojalyk önümlerine çenli ürgün görnüşdäki materiallary daşamakda türkmen kompaniýalary tarapyndan giňden ulanylýar.
1000 kilograma çenli sygymlylykdaky big-beg haltalary içerki bazarda köp ugurlylygy we ygtybarlylygy bilen uly islege eýe bolýar. Aýratyn hem uly göwrümli ýükler bilen işleşilende bu haltalar ýeňillik bilen daşalyp, agyr ýükleri götermäge ukyplydyr we şunda ýükler görnüşi asla üýtgetmeýär.
Ýerli öndüriji bilen işleşmegiň artykmaçlyklary:
- Ýurduň ykdysadyýetine goldaw berme we iş orunlarynyň döredilmegi;
- Import bökdençlikleri bolmazdan çalt eltip bermek;
- Ýerli müşderiler üçin amatly hem çeýe bahalar;
- Öndüriji bilen gönüden-göni gatnaşyk saklamak.
Kärhananyň assortimenti 300-den 3000 kilograma çenli sygymlylykdaky ýörite urganly ýumşak konteýnerleri (big-begleri) öz içine alýar. Önümler ýokary derejedäki berkligi, çeýeligi we ýeňil agramy bilen tapawutlanýar.
«Biziň önümlerimiz halkara hil standartlaryna laýyk gelýär we eýýäm GDA-nyň ýurtlarynyň bazarynda öz ornuny tapdy. Biz türkmen kärhanalaryna daşary ýurt önümleriniň ýerini tutýan ýokary hilli harytlarymyzy hödürleýäris» — diýip, kompaniýanyň wekilleri belleýärler.
Habarlaşmak üçin: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69, rowachpack@gmail.com