2025-nji ýylda Babadaýhan etrabynyň çägindäki biokärhanalaryň 13-sinde altyngözlüje, trihogramma, gabrobrakon ýaly önümleriň ýeterlik mukdary öndürildi. Etrabyň «ak altyn» ussatlary ekiniň zyýankeşlerine garşy göreşmek işinde bioönümlerden netijeli peýdalanýarlar diýlip, habarda bellenilýär.
Şu günler gowaça ýetişdirilýän 24 müň gektardaky ekini zyýankeşlerden goramak maksady bilen, trihogramma we gabrobrakon ýaly bioönümler meýdanlara köpçülikleýin goýberilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, gowaçalary ikinji gezek goşmaça iýmitlendirmek, olara ikinji ösüş suwuny tutmak, şeýle-de üçünji hatarara bejergisini geçirmek ýaly ideg işleriniň dowam edýän günlerinde bioönümler daýhanlaryň ganatly kömekçilerine öwrülýär. Olary köpeltmek we ekin meýdanlaryna goýbermek işleri etrabyň «Zähmet», «Täze ýol», «Ak altyn» daýhan birleşiklerinde has göwnejaý ýola goýlupdyr.