Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň medeni çäreleri gadymy Änew galasynyň ýerleşýän ýerinde geçirilen «Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň we gorap saklamagyň häzirki zaman usullary» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty bilen badalga aldy. Bu çäre bahasyna ýetip bolmajak taryhy gymmatlyklary gorap saklamagyň möhümdiginiň, ony geçirmek üçin hut şu ýeriň saýlanyp alynmagy bolsa geçmiş bilen şu günüň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygyň beýany boldy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahatynyň dowamynda hünärmenler we alymlar arheologiýada, medeni mirasy dikeltmekde hem-de gorap saklamakda möhüm çemeleşmeler, täzeçil usullar barada pikir alyşdylar.
Soňra Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna hem-de şahyr Mämmet Seýidowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, «Halypa şahyrlara hormat» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Görnükli söz ussatlaryny sarpalamak maksady bilen guralan çäre edebiýat söýüjileri bir ýere jemledi.
Hepdeligiň nobatdaky gününiň çäreleri soňra Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky medeniýet öýünde dowam etdi. Bu ýerde maşgala aýdym-saz toparlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Çäräniň dowamynda degişli ugruň hünärmenleri döredijilik toparlarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, täze eserleri döretmek işini ilerletmäge we ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen öňdebaryjy tejribelerdir usulyýetler barada pikir alyşdylar.
Änew şäherindäki medeniýet öýüniň sahnasynda Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň guran giň gerimli konserti döredijilik forumynyň dördünji gününiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.