Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Kýusýu adasynda Simmoe ýanardagy ýedi ýyldan soňra oýandy. Ýerli häkimiýetler ýaşaýjylara onuň iki kilometlik töwereginde kül görnüşinde ygal, şeýle-de ýanan galyndylaryň gaçmak ähtimallygy barada duýdurdylar.
Kagosima we Miýadzaki sebitleriniň serhedindäki Kirisima daglarynda ýerleşýän Simmoe ýanardagy geçen ýekşenbede çogup başlady. Ol 500 metrden hem gowrak belentlige kül pürkdi diýip, NHK teleýaýlymy habar berdi.
Häkimiýetler howplulygyň ikinji derejesini yglan etdiler.