Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lotereýa oýnunda köp pul utan zenan ykbalyndan zeýrendi

18:3423.06.2025
0
19301
 Lotereýa oýnunda köp pul utan zenan ykbalyndan zeýrendi
Surat: MIR 24

2013-nji ýylda lotereýa oýnunda 27 million funt sterling utan Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Margaret Lafri ölmezinden öň bu utuşyň özüne bagt däl-de, betbagtlyk getirendigini aýtdy.

Zenan utuşyň eýesi bolmazyndan öň durmuş kömek pulunyň hasabyna ýaşandygyny we hemişelik işiniň bolmandygyny gürrüň beripdir. Ummasyz puluň eýesi bolansoň, olary sahylyk bilen dogan-garyndaşlaryna paýlapdyr, ýerli haýyr-sahawat guramalaryna geçiripdir. Kaşaň öý we gymmatbaha ulaglary satyn alypdyr. Sürüjilik şahadatnamasynyň bolmandygy üçin ulaglaryny sürüp bilmändir, ajaýyp mülküň eýesi bolsa-da, ömrüniň ahyryna çenli öňki öýünde ýaşapdyr.

Lafriniň aýtmagyna görä, pul oňa bagt getirmändir. Utuşdan iki ýyl soňra ony taksi sürüjisine hüjüm edendigi üçin günäli bilipdirler. Biraz soň öňki işgäri Margareti kemsidendigi we bikanun işden boşadandygy üçin kazyýete beripdir, kazy ony 30 müň funt sterling jerime tölemäge borçly edipdir.

Margaret Lafri şeýle gürrüň beripdir: «Pul maňa görgi-azapdan başga zat getirmedi. Ol meniň durmuşymy ýumurdy. Bu eýýäm alty ýyl bäri dowam edýär. Meniň ýaşaýşym gaty kyn».

Ömrüniň ahyrynda zenan akyl hassalygyndan ejir çekipdir, öýünden çykmandyr, lukmançylyk kömeginden ýüz öwrüpdir. 2021-nji ýylda ol agyr syrkawlapdyr, emma lukmana görünmändir, şol ýylam aradan çykypdyr diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň