Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda 33 million dollara golaý geleşik baglaşyldy

12:1823.06.2025
0
11749
Birža söwdalarynda 33 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Surat: Turkmenistan Times

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň, ABŞ-nyň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, «Türkmennebit», «Türkmengaz» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Habarda bellenilişi ýaly, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine flanel önümleri, portlandsement, buýan köküniň goýy ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 994 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, pagta lintini, polipropileni, binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny, gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni), tehniki uglerody («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 78 million 158 müň manatdan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň