Braziliýanyň Santa-Katarina ştatynda howa şary heläkçilige uçrady. Azyndan sekiz adam pida boldy. 13 adam aman galdy, olara lukmançylyk kömegi berilýär. Howa şarynda 21 adam bardy diýip, «MIR 24» habar berdi.
«Biz Praýa-Grandide şenbe güni irden bolan howa şary bilen bagly betbagtçylykly waka sebäpli gynanýarys. Halas ediş gullugymyz eýýäm ol ýere bardy» diýip, ştatyň gubernatory Žoržinýo Mellu özüniň sosial tordaky sahypasynda ýazdy.