Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Döwletli Çynardan» syýahatçylyk hyzmatlary: artykmaç aladalar bolmazdan syýahatyňyzy meýilleşdiriň

10:1623.06.2025
0
16978

«Döwletli Çynar» kompaniýasy türkmen raýatlaryna syýahatçylygy ýokary hilli guramak hyzmatyny hödürleýär. Kompaniýanyň syýahat bölümi müşderilere aýratyn we toparlaýyn gezelençleri doly hyzmat goldawy bilen üpjün edip, syýahatlaryň meýilnamalaşdyrylyşyna giňişleýin çemeleşýär.

Gurama ýokary hilli hyzmatlary we her syýahatda şahsylaşdyrylan çemeleşmäni hödürläp, syýahatçylyk pudagynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Tejribeli menejerler topary dynç alyşyňyzy meýilleşdirmek we geçirmek bilen baglanyşykly ähli guramaçylyk meselelerini öz üstlerine almaga taýyndyrlar:

  • wiza resminamalaryny taýýarlamak
  • awiabiletleri bronlamak
  • myhmanhana otaglaryny bronlamak
  • aýratyn gezelençleri guramak
  • toparlaýyn saparlary amala aşyrmak
  • şahsy ugurlary işläp taýýarlamak
  • dynç alyş ýerlerini saýlamak boýunça maslahatlar

«Döwletli Çynar» kompaniýasynyň hünärmenleri müşderileriň isleglerini içgin öwrenýärler hem-de syýahatçylaryň býujetini we maksatlaryny göz öňünde tutup, ugurlary we galjak ýerlerini saýlamak üçin iň amatly çözgütleri hödürleýärler.

Kompaniýa ähli resmi işleri öz üstüne alyp, müşderiler üçin syýahaty mümkin boldugyça amatly etmäge we syýahata taýýarlygyň ähli basgançaklarynda ýokary derejeli goldawy üpjün etmäge çalyşýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

salgysy: Mary ş., Bagtyýarlyk köç. 52А (ozalky Atabaýew), «Ojar Aziýa» binasy, 1-nji gat;

telefonlar: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;

sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň