Gatyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Abdylla Babaýew «Fight Nights» promouşeniniň Ulýanowsk şäherinde geçirilen turnirinde russiýaly Habib Guseýnowy ikinji raundda bogmak usuly arkaly wagtyndan öň ýeňlişe sezewar etdi.
Şeýlelikde, 24 ýaşly türkmen türgeni bu promouşendäki dördünji tutlşygynda dördünji ýeňşini gazanmagy başardy. Onuň ähli ýeňişlerini bogmak usuly arkaly gazanandygy bellärliklidir.
Ozal habar berşimiz ýaly, Abdylla Babaýew bu söweşe taýýarlygyň çäklerinde Mahaçkala şäherindäki Abdulmanap Nurmagomedowyň sport zalynda türgenleşdi.
Ulýanowsk şäherinde geçirilen turnir «UDAR» teleýaýlymy arkaly tomaşaçylara ýetirildi.