Türkmenistandan talyplary Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetlerine ýollamaga ýöriteleşen «Ýönekeý» kompaniýasy okuwa girmek üçin arzalary kabul etmegiň 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýandygyny ýatladýar.
Kompaniýa okuwa girýänlere okuw jaýyny saýlamakdan we resminamalary düzetmekden başlap, wiza almaga hem-de ýaşaýyş jaýyny saýlamaga çenli hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Dalaşgärler Hytaýyň Pekin, Şanhaý, Uhan, Taýbeý, Hançžou, Nannin, Kunmin hem-de Dalýan ýaly 25 sany esasy iri şäherlerinde ýerleşýän uniwersitetleri saýlap bilerler.
Okuw maksatnamalary — lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary (IT), halkara ykdysadyýet, telekeçilik işi, lingwistika, dizaýn, inženerçilik, syýahatçylyk, marketing we ş.m ugurlar boýunça hytaý we iňlis dillerinde elýeterlidir. Okuwlar hem bakalawr, hem dil kurslary görnüşinde alnyp barylýar.
Kompaniýanyň hyzmatdaş uniwersitetleriniň ählisi ykrar edilen bilim edaralarynyň resmi sanawyna girýär we olaryň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ykrar edilýär.
Arza bermek we has giňişleýin maglumat almak üçin kompaniýanyň resmi web saýtyna girip bilersiňiz: https://yonekey.hytay.com.
Kompaniýa ýerleriň sanynyň çäklidigini ýatlatmak bilen, gyzyklanma bildirýän dalaşgärleri resminamalary tabşyrmagy gijikdirmezlige çagyrýar.