Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada Peterburg halkara ykdysady forumy işe başlady

09:1019.06.2025
0
12849
Russiýada Peterburg halkara ykdysady forumy işe başlady
Surat: Worldmarketstudies.ru

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Peterburg halkara ykdysady forumy öz işine başlady. 21-nji iýuna çenli dowam etjek iri çäräniň baş temasy «Umumy gymmatlyklar – köppolýar dünýäde ösüşiň esasy» diýlip atlandyryldy.

Forumyň çäklerinde «Dünýä ykdysadyýeti: ählumumy ösüşiň täze meýdançasy», «Russiýanyň ykdysadyýeti: ösüşiň täze hili», «Täze dünýäde adam», «Durmuş üçin gurşaw», «Tehnologiýalar: liderlige ymtylyş» atly esasy bäş mowzuk boýunça 150 sany mejlis geçiriler diýlip, ýerli habar beriş serişdeleri beýan edýärler. Çäräniň dowamynda şeýle hem 19 sany işewürlik dialoglary geçiriler.

«PHYF-2025»-iň myhman-ýurdy hökmünde Bahreýn Patyşalygy çykyş edýär.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu ýyl halkara forumyň üns merkezinde ählumumy durnuksyzlyk şertlerinde umumy çelgileri gözlemek, hyzmatdaşlygyň usullaryny seljermek we durnukly ösüşiň esaslaryny kemala getirmek ýaly meseleler bolar.

«PHYF-2025»-iň çäklerinde «Geljegiň güni» diýen at bilen Halkara ýaşlar ykdysady forumy geçer.

Peterburg halkara ykdysady forumy 1997-nji ýyldan bäri geçirilýär. 2006-njy ýyldan bolsa ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň howandarlygynda hem-de gatnaşmagynda geçirilýär. Bu ýyl hem forumyň işine RF-iň döwlet Baştutany Wladimir Putiniň gatnaşmagy hem-de çykyş etmegi meýilleşdirilýär. W.Putin anna güni – 20-nji iýunda forumyň plenar mejlisinde çykyş eder diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň