Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda kompaniýa işgärlerine aýna seredýändigi üçin jerime salýar

17:4818.06.2025
0
21293
Hytaýda kompaniýa işgärlerine aýna seredýändigi üçin jerime salýar
Surat: Vfokuse.mail.ru

Hytaýdaky mebel öndüriji «Man Wah Holdings Ltd» kompaniýasy öz işgärlerine iş wagty garbanýandygy hem-de aýnada öz keşplerini synlaýandygy üçin jerime salýar diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.

«Iş wagty garbanýan islendik işgäre, şol sanda menejerlere 280 dollar, superwaýzerlere 140 we menejerleriň kömekçilerine 70 dollar jerime salnar» diýlip, kompaniýanyň içerki buýrugynda bellenýär.

Resminamada işgärlere başga-da birgiden geň talaplar bildirilýär, eger ol talaplar berjaý edilmese, işgärleriň işden boşadyljakdygy ýa-da aýlyk hakynyň azaldyljakdygy duýdurylýar. «Men bu pullary yhlasly işleýän işgärlerimi höweslendirmek üçin ulanýaryn» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň