Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukaşenko ýurtda süýt önümçiligini kämilleşdirmek barada tabşyryk berdi

15:5018.06.2025
0
16493
Lukaşenko ýurtda süýt önümçiligini kämilleşdirmek barada tabşyryk berdi
Surat: Belta.by

«Eger biz sagdyn bolmakçy bolsak, kadaly howadan dem almaly we kadaly iýmitlenmeli, şulardan çen alsaň, göçme manyda aýdylanda, her hojalykda howluda hemişe sygyr durmaly» diýip, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko aýtdy.

Belarus lideri şeýle hem fermalary döwrebaplaşdyryp, süýt-haryt toplumlaryna öwürmegiň zerurdygyny sözüniň üstüne goşdy diýip, «Belta.by» portaly habar berýär. Şunda döwlet Baştutany ýokary hilli süýt önümçiliginiň örän düşewüntli işdigini belledi. Alnan önümden soňra dürli azyk önümlerini öndürse bolar, olar bolsa daşary ýurtlarda örän isleglidir.

Lukaşenko öň Belarusda sygyr malynyň bitiren hyzmatlarynyň hormatyna ýadygärlik dikmek barada teklip bilen çykyş edendigini-de ýatlady. Mysal üçin, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda halk tokaýa siňende, diri galmak üçin öý mallaryny ýanyna alypdyr diýip, belarus Prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň