Rowachpack brendi bilen gaplama önümlerini öndürýän Rowachlan Galkynysh kompaniýasy çig malyň hiline aýratyn üns berýär. Önümçilikde diňe Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alnan birinji derejeli polipropilen ulanylýar. Bu kärhana Türkmenistanda nebit önümlerini gaýtadan işlemek boýunça öňdebaryjylaryň biridir.
Näme üçin birinji derejeli polipropilen ýokary hili kepillendirýär?
Gaýtadan işlenen materiallardan tapawutlylykda birinji derejeli polipropilen gaplamanyň berklik, howpsuzlyk we uzak möhletleýinlik derejesini doly üpjün edýär. Şonuň üçin Rowachpack şu pudaklaryň önümleri üçin ulanmak amatly bolup durýar:
- iýmit senagaty üçin;
- dürli harytlary ulag bilen ibermek üçin.
Önümçiligiň tehnologiýasy
Önümçiligiň çig maly ak polipropilen granulalaryndan ybarat bolup, olardan ýokary berklikdäki süýüm taýýarlanylýar. Öndürilen haltalar we örtükler +160°C derejedäki temperatura çydamlydyr, bu bolsa olar hatda has çylşyrymly şertlerde ulanylanda hem ygtybarly hem berk ýagdaýda saklanmaga mümkinçilik berýär.
Halkara derejede ykrar edilmegi
Rowachpack brendiniň önümleri eýýäm Russiýada we GDA-nyň beýleki ýurtlarynda müşderileriň ynamyny gazanyp, ýokary hili we berkligi bilen tapawutlanýar.
Habarlaşmak üçin: Rowachlan Galkynysh HK:
telefonlary: (+993 62) 29 29 69 и (+993 12) 29 29 69;
elektron poçtasy: rowachpack@gmail.com.