«The Blue Notes» jaz toparynyň agzasy, meşhur deprekçi Lui Moholo-Moholo uzaga çeken keselden soňra 85 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «Times Live» neşiri habar berdi.
«Moholo-Moholo Günorta Afrikada iň wajyp jaz deprekçileriniň biri hasaplanýar, ol erkin jazyň döredilmegine we ösüşine uly goşant goşdy» diýlip, sazandanyň dogan-garyndaşlarynyň habarynda bellenýär.
«Keýptaunyň obalaryndan Londonyň sahnalaryna çenli onuň sazy aparteid düzgünine garşylyk, azatlyk hem-de döredijiligiň ymgyr güýji barada sözleýärdi. Ol «The Blue Notes» toparynyň iň soňky aman galan agzasydy, aparteid döwründe onuň sazy medeni özüňi aňlatmanyň we raýdaşlygyň jaz şamçyragy bolupdy» diýip, sazandalaryň ýakynlary aýdýarlar.
Sazanda öz Watanyna 2005-nji ýylda dolanyp geldi.