Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Jahankeşde Weronyň muzeýinde «Wan Goguň oturgyjyny» döwdi

17:3116.06.2025
0
16777
Jahankeşde Weronyň muzeýinde «Wan Goguň oturgyjyny» döwdi
Surat: MIR 24

Jahankeşde Italiýanyň Weron şäherindäki Palasso Maffeiniň muzeýinde sergilenýän suratkeş Nikola Bollynyň «Wan Goguň oturgyjy» art-taslamasyny döwdi.

Muzeýiň işgärleri sosial torda wakanyň wideoýazgysyny ýerleşdirdiler. Onda semiz jahankeşdäniň «Swarovski» kristallary bilen bezelen oturgyçda oturmakçy bolanda, oturgyjyň aýaklarynyň tap getirip bilmän döwülýändigi görünýär. Wideoda oňa ýanyndaky zenan kömek etmekçi bolýar, olar soňra bilelikde muzeýiň zalyndan ümsüm gaçyp gidýärler.

Edaranyň wekilleri eksponatyň dikeldiljekdigini habar berdiler. Oturgyjy döwenlere nähili çäre görüljekdigi habar berilmedi diýip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň