Türkmen türgenleri Rimdäki jiu-jitsu boýunça “Mediterranean Open Grand Prix” ýaryşynda medal ugrundaky göreşi üstünlikli dowam etdirip, ikinji günde ýene 10 medal gazandylar.
Milli toparyň hazynasyna dört täze altyn medal goşuldy. Olaryň arasynda ýaryşyň çempionlary boldular: Alyşir Jumamyradow (56 kg çenli), Şyhberdi Rahmanow (62 kg çenli), Yslam Öwezow (69 kg çenli) we Eziz Ýollyýew (85 kg çenli).
Kümüş medallary gazananlar: Soltanmyrat Nuraýýew (56 kg çenli), Daýanç Kulyýew (69 kg çenli) we Bagtyýar Myradow (77 kg çenli).
Bürünç medallaryň eýeleri bolsa Yslam Rejepow (62 kg çenli), Gudrat Esenow (69 kg çenli) we Annagurt Amanmyradow (69 kg çenli) boldular.
Şeýlelik bilen, ýaryşlaryň iki gününiň netijelerine görä, türkmen jiu-jitsuçylary eýýäm 23 dürli derejeli medal gazanyp, ýokary derejeli taýýarlygy we ussatlygy görkezmegi başardylar.
Ýatladylyp geçsek, ýaryşyň birinji gününde Türkmenistanyň milli topary 13 medal - 5 altyn, 4 kümüş we 4 bürünç baýrak gazandy.
“Mediterranean Open Grand Prix” ýaryşy 15-nji iýuna çenli dünýäniň 21 ýurdundan 760-dan gowrak sportçynyň gatnaşmagynda dowam edýär.