Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Soltan Kenar» restorany — Hazaryň kenarynda ýatdan çykmajak pursatlar

12:5514.06.2025
0
27380

«Soltan Kenar» restorany myhmanlary ýokary hilli hyzmatlaryň we dürli görnüşli datly tagamlaryň gurşawynda Hazaryň kenarynyň ajaýyp görnüşlerinden lezzet almaga çagyrýar.

Restoran giňligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa kiçi oturylyşyklardan başlap, uly dabaralara çenli bu ýerde oňaýly bellemäge mümkinçilik berýär. Restoranyň tagamlara baý menýusy iň talapkär müşderileri hem datly naharlary bilen kanagatlandyrar. Munuň üstesine restorana gözel bezeg berýän deňziň ajaýyp görnüşleri islendik dabara üçin özboluşly atmosferany döreder.

«Soltan Kenar» diňe bir dynç alyş möwsüminde gündelik naharlanmak üçin hem däl-de, eýsem, doglan günleri we beýleki dabaralary hem joşgunly belläp geçmek üçin örän amatly ýer.

Restoran hepdäniň ähli günleri, dynç günsüz 8:00-dan — 23:00-a çenli işleýär. Myhmanlara amatly bolmagy üçin, restoran «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna-da, Türkmenbaşy şäheriniň çägine-de taýýar naharlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.

Öňünden stol bronlamak ýa-da nahar sargyt etmek üçin myhmanlar şu telefon belgilerine jaň edip bilerler: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60, +993 (243) 5 90 50.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň