Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur Çingaçguk – Goýko Mitiç 85 ýaşady

10:1014.06.2025
0
16004
Meşhur Çingaçguk – Goýko Mitiç 85 ýaşady
Surat: Gazeta.ru

Serbiýaly meşhur kinoaktýor Goýko Mitiçiň 85 ýaşy doldy. Ol indeý taýpalarynyň durmuşyndan gürrüň berýän çeper filmlerde Çingaçgukyň, Winnitiň, Tekumseniň hem-de beýleki şöhratly gahrymanlaryň keşplerini janlandyrdy. Bu barada «MIR 24»-iň habarçysy Roman Birýokow habar berýär.

1960-njy ýyllarda sowet çagalary howlularda batyr indeýleriň oýnuny oýnaýardylar. Goýko Mitiç hemmeleriň söýgüli gahrymanydy.

Goýko Mitiç futbol, gandbol oýnaýardy, ýeňil atletika we gimnastika bilen meşgullanýardy. Ýaşka Ýugoslawiýanyň gandbol boýunça ýygyndy toparynyň düzüminde oýnady. Bedenterbiýe institutyna okuwa girdi, emma bir gezek instituta kinostudiýadan gelen toparyň onuň syrdam syratyna syny oturdy. Aradan bir ýyl soňra «Uly Aýynyň ogullary» filmi ekranlara çykyp, Goýko Mitiçi tutuş Gündogar Ýewropa tanady.

«Çingaçguk – uly ýylan» filmi Mitiçi iň meşhur kino ýyldyzlarynyň birine öwürdi. 1967-nji ýylda bu filmi öňki SSSR-de 40 million tomaşaçy gördi.

Aktýor şeýle temadaky filmleriň 12-sinde surata düşdi. Ol soňra bu keşpden ýüz öwürmek, başga häsiýetli gahrymanlary janlandyrmak isledi, emma eli uzyn saply ýiti paltaly, söweşjeň indeý ýigidiniň kinodaky keşbiniň ony sypdyrasy gelmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň