Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkmenportal» Habib Nurmagomedowdan tälim alýan türkmen türgeni bilen söhbetdeşlik gurady

10:0314.06.2025
0
26494

Türkmenistanly türgen Abdylla Babaýew 20-nji iýunda «Fight Nights» promouşenindäki dördünji tutluşygyny geçirer. Ol häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala şäherinde Abdulmanap Nurmagomedowyň zalynda türgenleşýär. «Turkmenportal» Abdylla Babaýew bilen türgenleşik işleriniň gidişi we öňdäki tutluşyga görülýän taýýarlyk barada söhbetdeşlik taýýarlady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Abdylla Babaýew 2 hepde bäri Mahaçkalada türgenleşik işlerini geçirýändigini belledi.

Ol bu ýerde meşhur MMA türgenleri Islam Mahaçýew, Umar Nurmagomedow, Usman Nurmagomedow dagy bilen bilelikde türgenleşýändigini, şol bir wagtyň özünde «UFC-niň» ozalky çempiony Habib Nurmagomedowyň golastynda tälim alýandygyny gürrüň berdi.

«Habib Nurmagomedowyň özi türgenleşik işlerini alyp barýar» diýip, Abdylla Babaýew belledi.

Öz çykyş edýän promouşeni baradaky sowala Abdylla şeýle jogap berdi: «Häzirki wagtda «Fight Nights» bilen şertnamam bar. Maksadym şol ýerde tituly almak».

Ýeri gelende bellesek, «Fight Nights» promouşenindäki ozalky üç söweşiniň hijisinde ýeňilmedik Abdylla Babaýew 20-nji iýunda RF-iň Ulýanowsk şäherinde russiýaly Habib Guseýnow bilen tutluşar.

Türgen bu söweşde diňe ýeňiş gazanmagy maksat edinýändigini belledi.

Şeýle-de Abdylla Babaýew söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, özüni goldaýan janköýerlere sagbolsunlaryny aýtdy.

Söhbetdeşligiň doly görnüşine «Turkmenportalyň» sosial torlardaky sahypalarynda tomaşa edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň